Turkmenportal logo
17.07.21
1512215122
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen Olimpiýaçylary Tokio şäherine ugradylar

Türkmenistanyň wekilçilikli topary şu gün Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Tokio şäherine ugrady.


Ozal hem habar berlişi ýaly, bu gezekki Olimpiýa oýunlarynda biziň ýurdumyza 9 türgen wekilçilik eder. Ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň düzüminde türgenlerden daşary tälimçilerdir sport wekilleri hem bar.


Pandemiýa sebäpli bir ýyl yza süýşürilen Olimpiýa oýunlary 23-nji iýul ― 8-nji awgust aralygynda geçiriler. Bu ýyllky Oýunlara daşary ýurtlardan janköýerler goýberilmez.