TFF-niň kubogy ― 2021: «Nebitçi» uly hasap bilen «Köpetdagdan» üstün çykdy

23:5420.06.2021
0
4988

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň «B» toparçasynyň 2-nji tapgyrynda «Nebitçi» «Köpetdagy» 3:1 hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde, iki duşuşykda 3 utuk toplan «Nebitçi» «B» toparçada üçünji orna çykdy. Toparçada birinji orundaky «Merwiň» 6, ikinji orundaky «Ahalyň» 3 utugy bar. «Köpetdagda» bolsa heniz utuk ýok.

TFF-niň kubogy ― 2021. «B» toparça, 3-nji tapgyr.

«Köpetdag» ― «Nebitçi» ― 1:3.

Gollar: Şiri Annaýew 42 ― Arslan Saparow 15, Akmämmet Metdäýew 19, Merdan Gurbanow 69.

Nädürs 11 metrlik jerime urgusy: Öwezbaý Muhammetmyradow 77 («Köpetdag»).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň