TFF-niň kubogy ― 2021: «Şagadam» «Altyn asyryň» ýaşlaryndan üstün çykdy

23:5319.06.2021
1
4305

TFF-niň kubogynyň «A» toparçasynyň ikinji tapgyrynda «Şagadamyň» «Altyn asyryň» ýaşlaryny 2:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk «Aşgabat» köpugurly sport toplumynyň merkezi meýdanynda geçirildi.

Şeýlelikde, yzda galan iki tapgyrda 3 utuk toplan «Şagadam» toparçada üçünji orna çykdy. Toparçanyň başyny her biri 4 utukly «Aşgabat» bilen «Energetigiň» çekýändigini habar beripdik. «Altyn asyr II»-de bolsa heniz utuk ýok.

Ertir «B» toparçanyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde «Merw» ― «Ahal» we «Köpetdag» ― «Nebitçi» duşuşyklary geçiriler.

TFF-niň kubogy ― 2021. «A» toparça. 2-nji tapgyr

«Altyn asyr ― 2» ― «Şagadam» ― 1:2.

Gollar: Merdan Muhadow, 38 (11 m.j.u.) ― Myrat Ýagşyýew 5, Ruslan Täjiýew 72.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň