Soňky habarlar

Arhiw

TFF-niň kubogy: 7 golly açylyş duşuşygynda «Energetik» «Altyn asyr II»-den üstün çykdy

09:4818.06.2021
0
1139

Düýn, 17-nji iýunda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berildi. Ozal hem habar berşimiz ýaly, ýaryşa 8 topar gatnaşýar. Olaryň 7-si Ýokary liganyň wekilleridir. Ýurdumyzyň häzirki çempiony «Altyn asyryň» oýunçylarynyň aglabasynyň ýakynda milli ýygyndymyzyň hatarynda Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama duşuşyklaryna gatnaşyp gelenligi sebäpli, TFF-niň kubogynda bu toparyň ýaşlary ýaryşar.

Hatda ýaryşyň ilkinji duşuşygy hem «Altyn asyr II»-niň gatnaşmagynda geçirildi. «Aşgabat» köpugurly sport toplumynda geçirilen duşuşykda topar «Energetik» bilen güýç synanyşdy. Duşuşygyň «A» toparçanyň çäginde geçirilendigini ýatdalýarys.

Eýýäm 10-nji minutda «Altyn asyr II» Şamämmet Hydyrowyň geçiren pökgüsi bilen öňe saýlandy. Şol bir wagtyň özünde bu pökgi TFF-niň kubogy ― 2021-iň ilkinji goly hökmünde bellige alyndy. Ýöne «Energetigiň» jogaby gijikmedi. 15-nji minutda Orazmuhammet Işangulyýew Mary DES-niň toparynyň hasaby deňlemegine ýardam etdi.

«Altyn asyryň» ýaş futbolçylary şondan soň hem erjelligini görkezip, birinji ýarym tamamlanýança, garşydaşyň derwezesinden iki pökgi geçirdiler. Bu gezek 32-nji minutda Oraz Orazow, 43-nji minutda Merdan Muhadow tapawutlandy. Şeýle-de bolsa, şu ýyl geçen ýyldaka görä düzümini güýçlendiren «Energetik» umydy elden bermedi. Olar «Altyn asyr II»-niň duşuşykdaky üçünji pökgüsinden iki minut geçensoň, Orazgeldi Seýidowyň geçiren pökgüsi bilen hasaby ýygyrdylar. Şeýlelikde, duşuşygyň birinji ýarymy 3:2 hasabynda «Altyn asyr II»-niň peýdasyna tamamlandy.

Tersine, ikinji ýarymda üstünlik «Energetige» gülüp bakdy. Topar 62-nji minutda Serdar Annamämmedowyň geçiren pökgüsi bilen hasaby deňledi. Parahat Jumamyradow bolsa 73-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip, hasaby «Energetigiň» peýdasyna 4:3-e çykardy. Şol bir wagtyň özünde bu pökgi duşuşygyň ykbalyny kesgitledi.

«A» toparçanyň indiki tapgyrynda «Altyn asyr II» «Şagadam» bilen, «Energetik» bolsa «Aşgabat» bilen duşuşar.

TFF-niň kubogy ― 2021. «A» toparça. 1-nji tapgyr.

«Altyn Asyr II» ― «Energetik» ― 3:4

Gollar: 10 Şamämmet Hydyrow, 32 Oraz Orazow, 43 Merdan Muhadow ― 15 Orazmuhammet Işangulyýew, 45 Orazgeldi Seýidow, 62 Serdar Annamämmedow, 73 (11 m.j.u.) Parahat Jumamyradow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň