ABŞ bilen Ýewropanyň arasyndaky söwda bilen bagly 15 ýyllyk dawa parahatçylykly ýol bilen çözülmegiň bosagasyna geldi.
«Izwestia» neşiriniň habar berşi ýaly, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi awiasiýa ägirtleri «Airbus» we «Boeing»-iň arasyndaky bäsdeşlikdäki jedelli ýagdaýy çözmek barada ylalaşyk gazandylar. Awiakompaniýalaryň arasyndaky gapma-garşylyk 2004-nji ýylda başlanypdy.
Hut şu döwürden iki tarap bir-birege aýypmala bildirdi. Netijede, iki tarapyň arasynda umumy bahasy 11 milliard dollara barabar serişde parhy girdi. Geçiriljek gepleşikleriň dowamynda taraplar «Airbus» we «Boeing»-iň arasyndaky jedeller bilen baglanyşykly dawanyň ýatyrylmagy barada ylalaşmagy başardylar.