Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Talyplar Türkmenistanda aýakgap önümçiligi bilen tanyşdylar

16:2710.06.2021
0
8172

7-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň guramagynda Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary nazaryýetde alan bilimlerini tejribelikde berkitmeklik maksady bilen, ýaşlary telekeçilige giňden çekmek meselesine bagyşlanan “Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýetiniň “MB-shoes” önümçilik kärhanasyna okuw saparyny amala aşyrdylar.

Talyplar “Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýetiniň 2019-njy ýylda ýola goýan “MB shoes” we “Meňli shoes” nyşanly özümizde öndürilýän, milli gönümizden taýýarlanylýan döwrabap aýakgaplaryň taýýarlanylyşyny önümçiligiň dowamynda synladylar we önümçiligiň gidişi barada kärhananyň ýolbaşçysynyň beren gürrüňlerini diňlediler. Ähli aýakgaplaryň amatlylygy, ýokary hilliligi we elýeterligi talyplaryň milli önümlerimize bolan islegini has hem artdyrdy.

“Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysynyň aýdyp bermegine göra häzirki wagtda müşderilere 30-46 ölçeglerdäki we çaga aýakgaplary hödürlenýär. Aýakgaplar dabanynyň berkligi we könelmezlige durnuklylygy bilen alyjylary özüne çekýär.

Aýakgaplaryň italýan dizaýny esasynda ýerli çig maldan taýýarlanylýandygy we häzirki wagtda kärhananyň önümçilik kuwwatlylygy ýyllyk 85 müň jübüt aýakgaba barabardygyny aýtmak bilen telekeçiniň öz sözüni jemlemekligi talyplaryň telekeçilik işine bolan höwesini has hem artdyrdy. Talyplary özüne çeken zatlaryň ýene-de biri “MB-shoes” kompaniýasynyň dükanynyň girişinde asylyp goýlan, elde taýýarlanylan gadymy aýakgap boldy. Telekeçiniň aýtmagyna görä, bu aýakgap onuň atasynyň atasyndan galypdyr. Okuw saparynyň ahyrynda talyplar kärhananyň ýolbaşçysynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar aldylar we ýadygärlik surata düşdüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň