Soňky habarlar

Arhiw

Dünýädäki iň uly dinozawrlaryň biri Awstraliýada tapyldy

15:4809.06.2021
0
4961
Dünýädäki iň uly dinozawrlaryň biri Awstraliýada tapyldy

Täze dinozawr görnüşleri awstraliýaly paleontologlar tarapyndan toparlara bölünipdir. "Euronews"-iň habaryna görä, "Australotitan cooperensis" ýa-da "Günorta titan" diýlip atlandyrylýan dinozawr ýer ýüzüne aýlanyp gören iň uly bäş dinozawryň biridir.

Alymlaryň pikiriçe, "Australotitan cooperensis" ýa-da "Günorta titan" atly äpet dinozawryň uzynlygy 5-6,5 metr, ini bolsa 25-30 metr bolupdyr

Alymlara dinozawryň bu görnüşini kesgitlemeklik üçin 15 ýyla golaý wagt gerek bolupdyr. Bu ylmy gözlegiň uzak wagt dowam etmekligi bolsa, tapyndylaryň tapylan ýeriniň uzaklygy we tapylan süňkleriň portlygy bilen baglanyşykly bolupdyr.

Alymlar dinozawryň 3D şekillerini öwrenmeklik bilen, onuň zawropodlar toparyna - ownuk kelleli, uzyn boýly we galyň aýakly dinozawrlara degişlidigini anykladylar. Bu dinozawrlar ýer ýüzünde takmynan ýüz million ýyl ozal, Mezozoý döwründe ýaşapdyrlar diýlip çaklanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň