BSGG COVID-19-a täze ýoluganlaryň azalýandygyny belleýär

13:3602.06.2021
0
4002

BSGG-nyň maglumatlaryna görä, Ýer ýüzünde soňky ýedi günde koronawirus ýokançlygynyň 3,5 milliondan gowragy hasaba alyndy. Bu bolsa öňki hepde bilen deňeşdirilende 15 göterim az diýmekdir. COVID-19 sebäpli aradan çykýanlaryň sany hem görnetin azalýar.

Has takygy, geçen hepdäniň dowamynda aradan çykanlaryň sany 7 göterim azaldy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleriniň bellemegine görä, bu kesel Ýewropada 26, Günorta-Gündogar Aziýada 24, Demirgazyk we Günorta Amerikada 2, Gündogar Ortaýer deňzinde 1 göterim azaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň