Şu gün – 27-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatdaky Hezreti Omar metjidinde kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň kyrky sadakasyny berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti sadakadan soň kakasy Mälikguly agany ýatlady. Türkmen Lideri her maşgalanyň özüne mahsus däbiniň bolýandygyny, ene-atasynyň doglan günlerini hemme doganlary bilen gutlamagyň maşgala däbidigini belläp, kakasy Mälikguly aganyň 80 ýaş toýundan bir pursady ýatlady. Ýubileý ýaş toýunda Mälikguly aganyň ähli perzentleri jem bolup, nähili sowgat etmelidigi barada maslahatlaşýarlar. Olar diňe öz kakalaryny söz bilen, sungat bilen galkyndyryp boljakdygy barada bir pikire gelýärler.
80 ýaş ýubileý toýy güni Türkmenistanyň Prezidentiniň özünden kiçi gyz jigisi Durdynabada gutlag gezegi ýetende, ol tolgunyp: “Kaka, bagyşla, birinjiden-ä goşgy ýazmaga ýetişmedim, onsoňam, näçe ýazsamam, göwnümdäki ýaly çeper bolanok, bärden gaýdýar” diýýär. Şonda kakasy Mälikguly aga gülüp: “Hany, sen ýüregiňdäkini söz bilen aýt. Onsoň, ony häzir ikimiz bilelikde goşgy setirlerine geçiräýeris” diýipdir. Mälikguly aga gyzynyň sözlerini diňläp, ony şol ýerdä goşga öwrüpdir. Şol goşgy Mälikguly aganyň iň soňky goşgy setirleri bolupdyr. Ine, şol goşgy:
Belleýäs kakamyň doglan gününi,
Başymyz jem boldy – begenýär ýürek.
Ata-enäň gadryn bilmek barada
Agamdan görelde almagmyz gerek.
Bize mähribanlar – ata-ene gerek.
Ýanynda agamyz – Arkadag ogly,
Bizem görüp dursak gezekme-gezek.
Agtyk-çowluklarna guwanyp ýörkä,
Ýuwlugnam görmegi isleýär ýürek.
Bize goşa gumry – ata-ene gerek.
Çylşyrymly bolýar durmuşyň ýoly,
Ýöne ýalňyşmajak bolmaklyk gerek.
Ata-ene käýinse – säwlik goýbersek,
Ony gaty görmän, düzetmek gerek.
Bize maslahatçy ata-ene gerek.
Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.