AFK-nyň kubogy ― 2021: «Alaýdan» rüstem gelen «Altyn asyr» ilkinji ýeňşini gazandy

20:1117.05.2021
0
3653
AFK-nyň kubogy ― 2021: «Alaýdan» rüstem gelen «Altyn asyr» ilkinji ýeňşini gazandy

AFK-nyň kubogy ugrundaky halkara ýaryşda mundan üç ýyl ozal finala çenli baryp ýeten «Altyn asyr» futbol topary ýaryşyň täze möwsümindäki ilkinji ýeňşini ikinji duşuşygynda gazandy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri «F» toparçanyň ikinji tapgyrynda Gyrgyz Respublikasynyň «Alaýy» bilen duşuşdylar.

Bir duşuşykda 9 gol

90 minutdak gowrak wagtyň her 10 minudyna bir goluň sygdyrylmagy duşuşygyň esasy aýratynlygy boldy. Derwezelere jemi 9 pökgi geçirilen duşuşyk 5:4 hasabynda «Altyn asyryň» peýdasyna tamamlandy.

Duşuşygyň eýýäm 2-nji minudynda «Alaýyň» ýarym goragçysy Oýbek Abdugaffurow pökgini öz derwezesine geçirip, «Altyn asyry» hasapda «öňe çykardy».

29-njy minutda «Alaý» goragçy Aidar Mambetaliýewiň geçiren goly bilen hasaby deňledi. Gol pasyny T.Belaid berdi.

Duşuşygyň 41-nji minudynda «Altyn asyr» ikinji gezek öňe saýlandy. Bu gezek 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetiren Altymyrat Annadurdyýew boldy. Şeýlelikde, ol şu ýaryşyň taryhyndaky 21-nji, möwsümdäki üçünji pökgüsini geçirdi.

44-nji minutda ýarym goragçy Wezirgeldi Ylýasow «aragatnaşykçylaryň» üçünji pökgüsini hem geçirdi. Oňa gol pasyny goragçy Röwşen Halmämmedow berdi.

Şeýlelikde, «Altyn asyr» duşuşygyň birinji ýarymyny 3:1 hasabynda öňde tamamlady.

«Aragatnaşykçylar» janköýerlerini ikinji ýarymyň başynda hem begendirdiler. Duşuşygyň 48-nji minudynda Mihail Titow tapawutlanyp, aralygy 3 pökgä çenli çykardy. Ýöne şondan soň «Altyn asyryň» oýnuna göz degen ýaly bolaýdy.

72-nji minutda Güýçmyrat Annagulyýewiň, 83-nji minutda Furkat Tursunowyň öz derwezämize pökgi geçirmegi «Alaýy» iň bolmanda deňlik üçin ruhlandyran hem bolsa, türkmen janköýerleriniň keýpini gaçyrdy. «Beterinden beteri bar» diýlen ýaly, «Alaý» 89-njy minutda Adilet Nurlan Uulu bilen hasaby deňledi: 4:4.

Hernä Altymyrat Annadurdyýewiň esasy wagtyň goşmaça böleginiň 3-nji minudynda dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusy «Altyn asyra» arzyly ýeňşi getirdi.

Awtogollaryň duşuşygy

Duşuşykda geçirilen 9 pökginiň 3-sini toparlaryň oýunçylarynyň öz derwezesine geçirmegi onuň örän dartgynly geçendiginden habar berýär. Heniz täze möwsümde resmi duşuşyklardaky tejribesi ýeterlik bolmadyk «Altyn asyr» mundan zyýan çekýär. Eger «Hujand» bilen bolan birinji duşuşykda iki futbolçymyz gyzyl kart bilen oýundan çykarylan bolsa, bu gezek ýene iki futbolçymyz öz derwezämize pökgi geçirdi. Elbetde, bu ýagdaý baş tälimçi Ýazguly Hojageldiýewi we onuň şägirtlerini 20-nji maýda toparçanyň lideri «Nasaf» bilen boljak duşuşykdan öň çynlakaý oýlandyrsa gerek. Çünki indiki bäsdeş «Hujanddan», «Alaýdan» has güýçli, has tejribeli. Bu ýaryşyň 2011-nji ýyldaky ýeňijisi. Toparçadan çykyp, sebitleýin finalda «Ahalyň» garşydaşy bolmak üçin «Altyn asyry» diňe ýeňiş kanagatlandyrýar.

Sanlar näme diýýär?

Hasapda tas yzyndan ýetdiren hem bolsa, «Altyn asyr» oýnuň köp böleginde «Alaýdan» rüstem oýnady. Muny duşuşykdaky käbir sanlar hem tassyklaýar. Geliň bile deňeşdireliň:

«Alaý» ― «Altyn asyr» ― 4:5.

Derwezä gönükdirilen pökgüler: 12 ― 25;

Derwezä dürs baran pökgüler: 2 ― 7;

Pökgä eýeçilik etmek: 44 % ― 56 %;

Oýunçylaryň bir-birege geçiren pökgüleriniň sany: 312 ― 401;

Pökgi geçirmekdäki dürslük: 72 % ― 78 %;

Düzgün bozmalar: 13 ― 11;

Sary kart: 1 ― 1;

Gyzyl kart: 0 ― 0;

Oýundan daşardaky ýagdaý: 1 ― 2;

Pökgini burçdan oýna girizmek: 7 ― 8.

«Alaý» ― «Altyn asyr» ― 4:5.

2021-nji ýylyň 17-nji maýy. Duşenbe. Merkezi respublikan stadiony.

Gollar: Aidar Mambetaliýew 29, Güýçmyrat Annagulyýew 72 (ö.d.), Furkat Tursunow 83 (ö.d.), Adilet Nurlan Uulu 89 ― Oýbek Abdugaffurow, Altymyrat Annadurdyýew 41 (11 m.j.u.), 90+3 (11 m.j.u.), Wezirgeldi Ylýasow 44, Mihail Titow 48.

Eminler: Klifford Daýaput (Filippin), Abdulloh Moborak Al Şammaki (Oman), Hamda Odil Abuobaýd (Iordaniýa), Mahmud Salim Majafari (Oman).

Gözegçi emin: Ismoil Safari (Eýran).

Komissar: Awe Ip Kwun Kau (Gonkong).

«Alaý»: 16. Danil Polýakow, 4. Aýdar Mambetaliýew, 5. Adilet Nurlan Uulu, 10. Emmanuel Ýagr, 11. Eldor Moldojunusow, 12. Erlan Maşirapow (6. Asadbek Alimow 80), 14. Oýbek Abdugafforow (9. Nurbulot Irisbekow 58), 19. Nurdolot Stalbekow, 20. Tijani Belaid (17. Suýuntbek Mamiraliýew 63), 21. Almazbek Malikow, 25. Şohruh Askarow.
Ätiýaçdaky düzüm: 33.Temirlan Apaz Uulu, 7. Ahliddin Isroilow, 8. Keldibek Taltnbek Uulu, 27. Akramjon Umarow.

«Altyn asyr»: 23. Döwletýar Berdiýew, 2. Zafar Babajanow, 5. Güýçmyrat Annagulyýew, 7. Altymyrat Annadurdyýew, 8. Ahmet Ataýew (3. Selim Ataýew 57), 13. Mihail Titow (9. Begençmyrat Myradow 74), 18. Furkat Tursunow, 19. Begenç Akmämmedow (11. Şamämmet Hydyrow 53), 21. Wezirgeldi Ylýasow (17. Myrat Annaýew 53), 22. Röwşengeldi Halmämmedow, 27. Welmyrat Ballakow (10. Rahman Myratberdiýew 57).

Ätiýaçdaky düzüm: 16. Döwletmyrat Jallatow, 12. Ylýas Toýjanow, 15. Merdan Muhadow, 20. Begmyrat Baýow, 24. Gurbangeldi Ataýew.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň