Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

23:3711.05.2021
0
10505

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa Kazan şäheriniň 175-nji mekdebinde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna getiren, olaryň köpüsiniň neresse çagalaryň bolmagy bilen bagly pajygaly waka zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň