Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan BAE-den raýatlaryny alyp geler

21:1610.05.2021
0
13877

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Dubaý ― Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrar.

Birleşen Arap Emirliklerindäki Türkmenistanyň raýatlarynyň getirjek bu ýörite gatnaw 13-nji maýda ýerli wagt bilen 21:00-da Dubaýdan ugrar we 14-nji maýda ýerli wagt bilen 00:30-da Türkmenabat Halkara howa menziline geler.

Mälim bolşy ýaly, soňky döwürde birnäçe halkara ýörite uçar gatnawlary amala aşyrylýar we biz saýtymyza bular barada habarlary yzygiderli ýerleşdirip durýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň