Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ÝHHG-niň telekommunikasiýa we kiberhowpsuzlyk meselelerine bagyşlanan wideomaslahatyna gatnaşdy

23:5604.05.2021
0
14028
Türkmenistan ÝHHG-niň telekommunikasiýa we kiberhowpsuzlyk meselelerine bagyşlanan wideomaslahatyna gatnaşdy

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ştab-kwartirasy (Awstriýanyň Wena şäheri) tarapyndan 4-5-nji maýda geçirilýän halkara wideomaslahat maglumat, telekommunikasiýa we kiberhowpsuzlyk meselelerine bagyşlanýar ― diýip, Döwlet habarlar agentligi ýazýar.

ÝHHG-ä agza ýurtlaryň arasynda bu möhüm ulgamda tejribe alyşmaga gönükdirilen iki günlük onlaýn duşuşyga türkmen tarapyndan “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň wekilleri gatnaşýarlar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman şertlerinde maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary okgunly ösüşe eýe bolup, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň esasy ulgamlarynyň ählisinde giňden ulanylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu konsepsiýa ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň we durmuş ulgamynyň netijeli hereket etmegini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmen hünärmenleri öňdebaryjy tejribäni öwrenmek we özleşdirmek bilen, diňe bir taýýar çözgütleriňdir nou-haularyň daşary ýurtlardan getirilmegine esaslanýan sanly ulgamy döretmekden däl, eýsem, özleriniň ylmy-tehnologik kuwwatyna esaslanýan nusgasyny döretmekden ugur alýarlar.

Şunuň bilen birlikde, internetiň ählumumy ulgamynyň we kibergiňişligiň beýleki esasy düzüm bölekleriniň işjeň ulanylmagy täze, has çynlakaý howplary döredip biler. Milli “kiberözbaşdaklygy” goramak hem-de zyýanly haker hüjümleriniň öňüni almak maksady bilen, ýurdumyzda «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Kanun kabul edildi. Onda strategik taýdan möhüm pudaklarda maglumat düzüminiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň tertibi we aýratynlygy kesgitlenilýär.

Döwlet Baştutanynyň okgunly ösýän milli maglumat ulgamlarynyň we ulgamlaýyn giňişligiň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň düzüminde Kiberhowpsuzlyk gullugy, ministrlikleriň düzüminde bolsa ýörite bölümler döredildi. Şunuň bilen birlikde, aýry-aýry okuw mekdeplerinde ýokary hünärli IT-hünärmenleri taýýarlamak ýola goýuldy.

Kiberhowpsuzlyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem uly üns berilýär. Türkmenistanyň wekilleriniň halkara guramalar, hususan-da, ÝHHG tarapyndan guralýan duşuşyklara we okuw maslahatlaryna yzygiderli gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň