Soňky habarlar

Arhiw

«Gerçek aýakgaplary» tomus möwsümi üçin täze görnüşli aýakgaplary hödürleýär

09:3304.05.2021
0
12525

2015-nji ýyldan bäri ýokary hilli aýakgap önümleri bilen halkyň söýgüsini gazanan «Gerçek aýakgaplary» kärhanasy häzirki wagtda tomus möwsümi üçin şypbyklaryň täze görnüşlerini öndürýär.

Zenanlar, erkekler, şeýle hem çagalardyr ýetginjekler üçin niýetlenen dürli görnüşdäki şypbyklar ýokary hil we amatly baha görkezijilerini özünde jemleýärler.

Döwrebap görnüşli, ekologiýa taýdan arassa materiallardan taýýarlanylýan şypbyklar jana rahatlygy, çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Aýakgap önümleri müşderileriň islegine görä, dürli reňklerde hem ölçeglerde hödürlenilýär.

Bulardan başga-da, «Gerçek aýakgaplary» lukmançylyk edaralarynda geýilýän aýakgaplary hem öndürýär.

«Gerçek» haryt nyşanly aýakgaplary ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki söwda merkezlerinden alyp bilersiňiz. Aýakgaplaryň görnüşleri bilen kärhananyň resmi web saýtynda tanşyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň