Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Ýuriý Gagariniň heýkeli açyldy

13:0630.04.2021
0
17916

Şu gün – 30-njy aprelde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň çäginde ilkinji kosmonawt, Sowet Soýuzynyň Gahrymany Ýuriý Gagariniň ýadygärligi dabaraly ýagdaýda açyldy.

Ýadygärligiň açylyş dabarasyna Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki düzümleriň wekilleri gatnaşdylar.

Bürünç heýkel heýkeltaraş Alekseý Leonow tarapyndan döredilip, ol «Medeniýet gepleşikleri: bir dünýä» atly Halkara haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan maliýeleşdirildi. Gazna 2011-nji ýyldan bäri dünýäniň onlarça ýurdunda Ýuriý Gagarine bagyşlanan heýkeltaraşlyk kompozisiýalaryny oturtmak taslamasyny durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda Italiýada, Fransiýada, Bolgariýada, Germaniýada, ABŞ-da, Hindistanda, Hytaýda, Çehiýada we beýleki ýurtlarda ilkinji kosmonawtyň ýadygärlikleri bar.

Binagärlik dizaýny we granit işleri Russiýanyň gurluşyk kompaniýasy bolan «Wozrojdeniýa» kompaniýasynyň wekilhanasy tarapyndan üpjün edildi.

2021-nji ýylda «Vostok» kysymly kosmos gämisiniň orbita çykanyna 60 ýyl bolýar. Ýuriý Gagarin Ýeriň orbitasynda 108 minutlyk uçuşdan soň Saratow sebitine üstünlikli gondy.

Ýadygärligiň açylyşyndan suratlary şu ýerden görüp bilersiňiz!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň