Hojamuhammet Toýçyýewe dünýä çempionaty ― 2018-iň «kiçi bürünç medaly» gowşuryldy

23:4126.04.2021
0
10100

Daşkendiň «Özbegistan» sport toplumynda geçirilen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň çäklerinde türkmenistanly türgen Hojamuhammet Toýçyýewe 109 kilograma çenli agram derejesinde 2018-nji ýylda agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň bürünç medaly gowşuryldy.

Mälim bolşy ýaly, bu çempionat Aşgabatda geçirildi.

Ol bu medaly şol agram derejesinde ştangany silterläp götermek boýunça gazandy. Medalyň ozalky eýesi, özbegistanly agyr atletikaçy Rustam Jangibaýew 245 kilogram agyrlygy eýgerip bilipdi. Ýöne onuň şol ýaryşda doping serişdesini ulanandygy üçin mynasyp bolan medalyndan mahrum edildi. Şeýlelikde, ol 2019-njy ýylyň 24-nji fewralyndan 2023-nji ýylyň 23-nji fewralyna çenli dört ýyllyk möhlet bilen ähli ýaryşlardan çetleşdirildi.

Halkara aggyr atletika federasiýasy bolsa bu agram derejesinde berlen medallary gaýtadan gözden geçirip, silterläp götermek boýunça bürünç medaly 240 kilogram netije görkezen türkmenistanly agyr atletikaçy Hojamuhammet Toýçyýewe berdi.

Mundan ozal şeýle ýagdaý zenanlaryň arasynda 45 kilograma çenli agram derejesinde hem ýüze çykyp, biziň ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewa dünýä çempionatynyň altyn medaly gowşurylypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň