Türkmenistanda Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi geçirilýär

21:3725.04.2021
0
12878

Her ýylyň aprel aýynyň soňky hepdesinde dünýäde Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Şu ýylda hem bu hepdelik 26-njy aprel ― 2-nji maý aralygynda geçiriler.

Bu hepdelik dürli ýaşdaky adamlary kesellerden goramak maksady bilen döredildi. Onda ençeme adama sanjymlar, bejeriş işleri geçirilýär. Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi her ýyl millionlarça adamyň ömrüni halas edýär we dünýäde iň üstünlikli we tygşytly saglyk çäreleriniň biri hökmünde giňden tanalýar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy dünýäde immunizasiýa we sanjymyň ähmiýeti blen bagly, ähli adamlaryň saglygyny we abadançylygyny ýokarlandyrmakda birnäçe işleri alyp barýar. Aprel aýynyň iň soňky dowam edýän hepdesinde bu halkara guramasy bejergä mätäç näsaglara, dürli ýaşdaky adamlara lukmançylyk kömegini eder.

Bütindünýä immunizasiýa hepdesi ilkinji gezek 2012-nji ýylda dünýäde 180 döwletiň gatnaşmagynda geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň