Soňky habarlar

Arhiw

Lebapdaky we Balkandaky «Ak öýler» üçin äpet halylar dokalýar

13:1422.04.2021
0
16824

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynda her birinniň göwrümi 276 inedördül metr bolan äpet halylaryň ikisi dokalýar.

Olar Türkmenabat we Balkanabat şäherlerinde gurulýan «Türkmeniň ak öýi» binalary üçindir. Halylara binalaryň ýerleşýän sebitiniň ýerli halyçylyk aýratynlygyna mahsus göller salynýar. Äpet halylary öz wagtynda tabşyrmak üçin häzirki wagtda ýüzlerçe halyçy üç çalşykda işleýär.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Prezidenti Lebap we Balkan welaýatlarynda «Türkmeniň ak öýi» binalaryny gurmak baradaky Karara 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda gol çekipdi. Bu binalary şu ýylyň iýunynda açyp, ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň