Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň kakasy aradan çykdy

21:1818.04.2021
0
50441
Türkmenistanyň Prezidentiniň kakasy aradan çykdy

18-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow 89 ýaşynda aradan çykdy.

Biz «Türkmenportal-yň» okyjylaryny Mälikguly Berdimuhamedowyň gysgaça terjimehaly bilen tanyşdyrmagy makul bildik.

Mälikguly Berdimuhamedow 1932-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gökdepe raýonynyň (häzir etrap) 1-nji Birleşik obasynda intelligent maşgalasynda dünýä indi.

Mälikgulynyň kakasy Berdimuhamet Annaýew 1904-nji ýylda Ashabat uýezdiniň (häzir Ahal welaýatynyň Gökdepe etraby) Yzgant obasynda eneden boldy. Ol özüniň aňly-düşünjeli ömrüniň ählisini ösüp gelýän ýaş nesle edep-ekram öwretmäge, ony okatmaga sarp etdi. Mugallymyň irginsiz aladalary onuň üçin diňe bir kesp-kär bolman, eýsem belent maksatdy, borçdy. Berdimuhamet Annaýew üçin öz halkynyň ykbaly hemme zatdan ileridi, ol ony faşizmden halas etmek üçin 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň frontlarynda batyrlarça söweşdi... Berdimuhamet Annaýew kellesinden agyr ýaralanyp, urşuň II topar maýyby bolup uruşdan gaýdyp geldi we özüniň söýgüli mugallymçylyk kärini yhlasly dowam etdirdi. Emma 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabryna geçilen gijede Aşgabatda bolup geçen ýer titremesi onuň ömür tanapyny kesdi.

Mälikgulynyň ejesi Ogulbäbek Berdimuhamedowa (gyz familiýasy Amandurdyýewa) 1906-njy ýylda Etek pristawlygynyň Tejen uýezdiniň (häzir Ahal welaýatynyň Kaka etraby) Gowşut obasynda daýhan maşgalasynda eneden doguldy. Ol ömürboýy maşgala ojagyny saklap, dört çagany – gyzy Owadany (1929-njy ýylda doglan), ogullary Mälikgulyny (1932 ý.), Amangulyny (1935 ý.), gyzy Amansoltany (1937 ý.) ösdürip ýetişdirdi. Ogulbäbek olary çagalyklaryndan başlap, zähmete werdiş edip ýetişdirdi, özi bolsa ýadamany-ýaltanmany bilmän, öý işleri bilen gümra boldy. Hojalyk onçakly barly bolmasa-da, ol öýüni gül pürkülen ýaly edip saklaýardy. Ogulbäbek eje 1962-nji ýylda aradan çykdy.

Şeýlelikde, Mälikguly aganyň çagalygy agzybir maşgalada geçdi, bu maşgalada bolsa bilime, medeniýete uly sarpa goýulýardy, zähmetsöýerlik, il-ulsa hormat goýmak mukaddeslik hasaplanýardy. Kakasy çagalaryna borç, halalhonlyk, watançylyk duýgularyny, ahlaklylyk, zähmetsöýerlik sypatlaryny öwredýärdi, ejesi bolsa olara ömürboýy gerek bolan adamkärçilik, sypaýylyk, adalatlylyk, hoşgylawlylyk häsiýetlerini ornaşdyrýardy.

Berdimuhamediň maşgalasynyň durmuş şertleri ogullarda gaýduwsyzlygyň, tutanýerliligiň kemala gelmegine, olaryň işlerine jür, maksada okgunly bolup ýetişmeklerine ýardam etdi. Şeýle asylly terbiýe bermeklikde Berdimuhamet Annaýewiň aýratyn uly hyzmaty bar.

Mälikgulynyň aňyrdan gelýän köki intelligentlik, mugallymçylyk, magaryfçylyk bolansoň, alan terbiýesi hem asyllylyk, adamkärçilik boldy. Ol munuň üçin ömürboýy kakasyna minnetdar, ol oňa hemişe buýsanýar.

Gökdepe raýonynyň 1-nji Birleşik obasynyň 16-njy orta mekdebiniň ene dili we edebiýaty mugallymy B.Annaýewiň guramaçylyk ukyplaryna we mugallymçylyk tejribesine mynasyp baha bermek bilen, halk magaryfy ulgamynyň ýolbaşçylygy 1940-njy ýylda ony Aşgabat oblastynyň Kirow raýonynyň (häzir Ahal welaýatynyň Babadaýhan etraby) «Gyzyl çarwa» kolhozynyň 6-njy doly däl orta mekdebiniň direktory wezipesine işe ýollady. Täze iş ýerine Berdimuhamet Annaýew bilen onuň tutuş maşgalasy hem göçüp bardy. Tiz wagtdanam 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy başlandy.

Uruş başlananda, Mälikguly dokuz ýaşyndady, şonuň üçin uruş ýyllarynyň ähli kynçylyklaryny, hupbatlaryny ol onçakly bekemedik gerdenine almaly boldy. Mälikguly we onuň deň-duşlary ekin meýdanlarynda urşa giden kakalarynyň orunlaryna geçip, garry gojalar, aýal, oglan-uşaklar bilen birlikde oba hojalyk işlerini alyp bardylar, şol işleri okuwlary bilen utgaşdyrmaly boldular. Olar ýadamany-ýaltanmany bilmezden, bir garny aç, bir garny dok ýagdaýda Ýeňşi ýakynlaşdyrmak üçin jan aýaman zähmet çekdiler, ähli adamlary, ozaly bilen-de, söweş meýdanyndakylary eklär ýaly bol hasyl ýetişdirmegiň aladasynda boldular.

Mälikguly çagalykdan başlap, kakasyndan ene dili, türkmen nusgawy edebiýaty, poeziýasy boýunça gowy bilim aldy. Şonuň üçin ol, obadaşlarynyň haýyşy boýunça Magtymgulynyň we beýleki türkmen şahyrlarynyň, şeýle hem Watan goragyna çykan mugallym, esger we watançy kakasynyň eserlerini olara uly hyjuw bilen okap berdi. Mälikgulynyň özüniň hem şahyrana ylhamynyň hut uruş ýyllaryna gabat gelmegi kanunalaýykdyr. Onuň goşgularynyň «Uruş bolmasyn!», «Ýeňiş biziňki bolar!», «Ýaşasyn!» diýen atlary hem köp zatlar barada habar berýär. Goşgular obanyň hem, bütin raýonyň hem ýaşaýjylarynyň gyzgyn makullamasyna eýe boldular.

1944-nji ýylda 12 ýaşyndaka Mälikguly «Köp ekeliň dänäni!» diýen täze goşgusyny ýazdy, goşgy şobada Kirow raýonynyň «Ýagty ýol» gazetinde çap edilip, giň köpçülige ýaýrady. Goşgynyň adyndan başlap, çuň manysy uly iliň göwnünden turdy. Goşgy diňe bir obadaşlara däl, eýsem bütin türkmen daýhanlaryna gönükdirilen özboluşly ýüzlenmedi. Onda uzak garaşdyran Ýeňşe, mähriban topraga, zähmetsöýer halka, onuň egsilmez ruhuna mizemez ynam ýaňlanýardy, kakasyndan iň gowy sypatlary miras alan ýaş awtoryň* çäksiz sahawatlylygy, asyllylygy we tutanýerliligi duýulýardy.

1945-nji ýylyň baharynda Berdimuhamet Annaýewiň maşgalasy Gökdepe raýonynyň 1-nji Birleşik obasyna gaýdyp geldi, bu ýerde Berdimuhamet Annaýew ýene başlangyç synplaryň mugallymy, türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işläp başlady, soňra bolsa Kuýbyşew adyndaky kolhozyň 16-njy mekdebiniň okuw bölüminiň müdiri wezipesine bellenildi.

Mälikguly kakasynyň saýlan ýoly bilen gitdi we öz obasyndaky 16-njy orta mekdebi tamamlamazdan bir ýyl öň – 1950-nji ýylda zähmet ýoluna başlady. Ol bu mekdepde ilki kitaphanaçy, soňra bolsa başlangyç synplaryň mugallymy bolup işledi. Orta bilim hakdaky attestaty alanyndan soň, M.Berdimuhamedow 2-nji Birleşik obasyndaky 7-nji ýediýyllyk mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işläp başlady.

1952-nji ýylyň baharynda Mälikguly goşun gullugyna çagyryldy we Türküstan harby okrugynda ýerleşen 1250-nji Gyzyl baýdakly dag-atyjylyk polkunda rýadowoý esger bolup gulluk etdi. Goşunda gulluk edip ýörkä, Özbegistan SSR-niň Çyrçyk şäherindäki kiçi leýtenantlar taýýarlanylýan ikiýyllyk okuwda okady. 1954-nji ýylda oňa kiçi leýtenant harby ady berildi. Şondan soň ol Gyrgyzystan SSR-niň Oş şäherinde ýerleşen dag-atyjylyk harby bölümine iberildi we şol ýerde wzwod serkerdesi bolup gulluk etdi. Harby bölüm ýatyrylandan soň, ol şol ýylyň güýzünde gullukdan boşady.

Gökdepe raýonynyň Babarap obasyna gelip, M.Berdimuhamedow 13-nji orta mekdebe işe ýerleşdi, ol şol ýerde okuwçylaryň beden hem harby taýýarlygyna ýolbaşçylyk etdi. Bir ýyl geçenden soň bolsa ol komsomolyň Gökdepe raýon komitetiniň mekdep okuwçylary we pionerler bilen işleýän bölüminiň müdiri edilip tassyklanyldy. 1956-njy ýylyň güýzünde Mälikguly Babarap obasyna gaýdyp geldi we ol ýerde 1958-nji ýylyň tomsuna çenli şol 13-nji mekdepde uly pionerwožatyý, bedenterbiýe we harby iş mugallymy bolup işledi. Ol sporty saglyk çeşmesi hasap edip, öz şägirtlerine dürli sport oýunlarynyň inçe tilsimlerini, şol sanda woleýbol oýnunyň syrlaryny öwretmäge jan etdi, olary türgenleşdirmäge uly üns berdi3.

Şol ýerde-de Mälikguly durmuş gurup, maşgalaly boldy. Onuň ýanýoldaşy Ogulabat (gyz familiýasy Kürräýewa) 1937-nji ýylyň 15-nji iýunynda şol obada doglan zenandy. Şol ýerde olaryň ilkinji perzendi Türkmenistanyň geljekki Prezidenti Gurbanguly dünýä indi.

1958-nji ýylyň 3-nji iýunynda M.Berdimuhamedowyň durmuşynda täze döwür başlandy. Ol şol günden başlap, IIM-niň goşunlarynda we edaralarynda gulluk edip ugrady. Ol çylşyrymly we jogapkärçilikli işiň inçe tärlerini yhlas bilen ele almaga çalyşdy. Hünär ussatlygynyň syrlaryny öwrenmäge oňa uly halypalary, akýürekli, hoşniýetli ýoldaşlary ýakyndan kömek berdiler.

Mälikguly aga uly serkerdelige çenli şöhratly ýol geçip, bu kyn we ynjalyksyz gulluga 26 ýyldan gowrak wagtyny sarp etdi we ony 1982-nji ýylyň baharynda tamamlady. IIM-niň ulgamynda işlän ýyllarynyň içinde ol Aşgabat, Daşoguz, Mary şäherlerinde dürli wezipeleri eýeledi: toparyň serkerdesi, otrýad başlygy boldy, nobatçy bölüme, işgärler bölümine ýolbaşçylyk etdi, ştab başlygy boldy. Ol bu we beýleki wezipelerde, şeýle hem komsomol we partiýa-syýasy işlerde işlemek bilen, özüni guramaçylyk başarnygy bolan ukyply, eserdeň işgär hökmünde tanatdy.

M.Berdimuhamedow özüniň bilim derejesini birsyhly ýokarlandyrdy. 1959-njy ýylda ol SSSR IIM-niň ýolbaşçylar düzüminiň Rýazandaky (Russiýa) kämilleşdiriş mekdebinde bilim aldy. Bu mekdebiň ýolbaşçylygynyň gol çeken gulluk häsiýet- namasynda, hususan, M.Berdimuhamedowyň sapaklara yhlasly gatnaşandygy, maksatnamalaýyn materiallaryň üstünde özbaşdak işläninde köp tagallalar edendigi, jemgyýetçilik, ýuridik, harby we ýörite dersler boýunça öz hünärini ep-esli artdyrandygy bellenilip geçilýär. Ol okuw mak satnamasyny çuň özleşdirdi. Mekdepde alan bilimleri oňa işde uly kömek etdi. Içki narýad gullugyny alyp barmaga ak ýürekli çemeleşdi. Giň göwrümli, ýoldaşlary bilen agzybir, ulularyň belliklerine hoşniýetli garaýar. Okuwyna ak ýürekli gatnaşanlygy, görelde alarlykly tertibi we köpçülik işine işjeň gatnaşanlygy üçin mekdep boýunça yglan edilen buýruk bilen oňa sag bolsun yglan edildi diýlip, soňra şol häsiýetnamada aýdylýar.

Ýaş esgerlere tälim öwretmek, olara terbiýe bermek üçin Mälikguly aga öz syýasy hem harby taýýarlygyny gün yrman kämilleşdirdi, bilimleriniň üstüni ýetirip, gözýetimini giňeltdi. 1966-njy ýylda ol taryhçy, taryh we jemgyýetçilik bilimleri mugallymy hünäri boýunça A.M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini (agşamky bölüm) tamamlady*. 1968-nji ýylda bolsa ol ähli synaglardan üstünlikli geçip, motoatyjylyk goşunlarynyň serkerdesiniň hünäri boýunça SSSR IIM-niň Oržonikidze (häzir Wladikawkaz, Russiýa) şäherindäki S.M.Kirow adyndaky Gyzyl baýdakly harby uçilişesini tamamlady. 1969-njy ýylda Mälikguly Berdimuhamedow Aşgabat garnizony nyň serkerdeler Öýüniň ýanyndaky marksizm- -leninizm uniwersitetiniň umumy fakultetiniň agşamky bölüminiň üçýyllyk okuwyny gutardy. 1976-njy ýylda bolsa syýasy edaralaryň başlygy maksatnamasy boýunça SSSR IIM-niň Kiýewdäki ýokary mekdebinde okap, hünärini ýokarlandyrdy, düýpli syýasy, harby we ýörite taýýarlygy geçip, täze-täze ideýalary we endikleri özleşdirdi.

M.Berdimuhamedow nirede okasa-da, özüniň ýiti ukybyny, ýatkeşligini görkezdi. Täze bilimleri ele almak bilen, ol öz dünýägaraýşyny kämilleşdirdi. Mälikguly aga ähli zada dury akyl, pähim-paýhas bilen çemeleşdi, durmuşda hemişe sagdyn pikire gulluk etdi. Bu bolsa harby gullugy göwnejaý, döwrebap geçmäge, IIM-niň bölümçeleriniň şahsy düzüminiň arasynda ideologik, syýasy- -terbiýeçilik işlerini dogry meýilnamalaşdyrmaga we alyp barmaga, düzgün-nyzamy pugtalandyryp, jogapkärçiligi ýokarlandyrmaga oňa kömek etdi. Ol bu işleri diňe bir gulluk borjy üçin ýerine ýetirmän, eýsem jemgyýetçilik başlangyçlarynda-da alyp bardy. Çünki M.Berdimuhamedow dürli döwürde syýasy bölümiň komsomol işleri baradaky instruktory (1963–1967 ýý.), wagyz işleri boýunça uly instruktor (1967–1971 ýý.), TSSR IIM-niň Zähmet-düzediş edaralary müdirliginiň başlygynyň syýasy-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary (1975–1980 ýý.) wezipelerinde işledi. Bularyň daşyndan ol partiýa býurosynyň agzalygyna, partiýa guramasynyň sekretarlygyna telim gezek saýlanyldy, agitator we wagyz-ündewçi bolup işledi. Ol gulluk borçlarynyň we jemgyýetçilik tabşyryklarynyň baryny birkemsiz, döredijilikli, bellenen möhletinde, göreldeli ýerine ýetirdi.

1972–1975-nji ýyllar aralygynda Daşhowuz oblispolkomynyň Içeri işler müdirliginde ilki işgärler bölüminiň başlygy, soňra ştab naçalnigi bolup işlemek bilen, M.Berdimuhamedow müdirligiň gulluklarynyň işlerini guramagy we alyp barmagy gowulandyrmaga, oblastyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň, hukuk tertibini goramagy pugtalandyrmak işleriniň görkezijilerini ýokarlandyrmaga köp güýç- -gaýrat sarp etdi. Ol tabynlygyndaky adamlary söweş hem-de syýasy taýdan taýýarlamaga, olara terbiýe bermäge diýseň uly üns berdi. 1980–1982-nji ýyllarda Mary oblispolkomynyň Içeri işler müdirliginiň zähmet-düzediş edaralary bölümine ýolbaşçylyk etmek bilen, Mälikguly aga bölümçeleriň we ýörite kontingentleriň şahsy düzüminiň arasynda syýasy-terbiýeçilik işlerini gowulandyrmak, düzgün-nyzamy we jogapkärçiligi pugtalandyrmak, zähmetiň netijeliligini ýokarlandyrmak barada birsyhly alada etdi. Ol tabynlygyndaky işgärlere tälim öwretmäge, terbiýe bermäge aýratyn ähmiýet berdi, olaryň gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmeklerini, özlerini göreldeli alyp barmaklaryny gazanmaga jan etdi.

M.Berdimuhamedowyň gulluk häsiýetnamasynda onuň guramaçylyk ukybynyň uludygy, öňde goýlan wezipeleri çözmäge şahsy düzümi ugrukdyrmak endiginiň ýokarydygy, özüne tabşyrylan işi çalt özleşdirmäge, ýerli partiýa we sowet edaralary bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga ökdeligi bellenip geçilýär. Onuň düzgün-tertipliligi, galdawlygy, işine jürlügi, ýokary ahlaklylygy, özüne we tabynlygyndakylara talap edijiligi aýratyn nygtalýar. Mälikguly aga özüne ynanylan ugurda kanunçylygy we jemgyýetçilik tertibini pugtalandyrmaga köp tagalla siňdirdi, jenaýatlaryň we beýleki zyýanly hadysalaryň öňüni almak baradaky çärelere uly ähmiýet berdi. Birkemsiz hyzmatlary, jenaýatçylyga we hukuk bozulmalaryna garşy göreşde gazanan üstünlikleri üçin ol telim gezek IIM-niň ýolbaşçylygynyň hoşallyklaryna mynasyp boldy, pul baýraklary bilen sylaglandy, ençeme hormat hatlaryna eýe boldy.

M.Berdimuhamedow öz zähmet işinde dogduk obasyndaky orta mekdebiň mugallymylygyndan başlap, tä içerki gullugyň podpolkownikligine çenli şöhratly ýol geçdi. Üç sany ýörite, iki sany hem ýokary bilimiň eýesi bolmak bilen, ol durmuş basgançaklarynyň barynda jan aýaman, hünär ussatlygy bilen zähmet çekdi. Bu onuň gulluk taýdan ösüşine, oňa harby atlaryň we ýolbaşçylar düzüminiň atlarynyň dakylyşyna, şeýle hem onuň hökümet sylaglary bilen sylaglanyşyna ser salanyňda, birin-birin aýan bolýar...

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň