Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli 19 — 25-nji aprel aralygynda Aşgabatda baýramçylyk çäreleriniň uly toparyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Baýramçylyk maksatnamasy “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XIII halkara ylmy maslahaty, dürli baýramçylyk at çapyşyklaryny öz içine alýar. Şeýle hem baýramçylyk çäreleriniň hatarynda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” we “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşikleriň jemleýji tapgyrlary, ahalteke bedewleriniň gözelligini hem-de türkmen alabaýlarynyň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan etmek boýunça bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy bar. Şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy bolar, milli mirasy wagyz etmäge ýardam edýän beýleki çäreler geçiriler.
Şu ýyl Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek bu iki baýram bilelikde belleniler. Aşgabatdaky dabaralardan daşary hem Ahal we Mary welaýatlarynda baýramçylyk at çapyşyklaryny geçirmek, ýurduň welaýatlarynda türkmen alabaý itleriniň tohumçylyk merkezleriniň täze binalaryny açmak meýilleşdirilýär.