Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk we senagat toplumynyň işine nägilelik bildirdi

23:5409.04.2021
0
11762

Hökümetiň ýylyň üç aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ş.Durdulyýewe ýüzlenip, gurluşyk pudagynda şu ýylyň birinji çärýeginde geçirilen işleriň netijeleriniň kanagatlanarsyzdygyny belledi. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende ähli görkezijiler peseldi.

Ýubileý ýylynda dürli desgalary ulanmaga bermek boýunça örän köp çäreler bellenildi. Milletiň Lideri bar bolan kynçylyklara garamazdan, şu ýylda ulanmaga beriljek desgalaryň ählisini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini nygtady. Ýurdumyzyň içerki energetika halkasynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyny dowam etmegiň wajypdygyna aýratyn üns çekildi.

Gurluşyk we senagat pudaklaryna maýa goýumlaryny çekmek işleriniň hem ýeterlik derejede alnyp barylmaýandygy bellenildi. Döwlet Baştutany wise-premýeriň we onuň gözegçilik edýän toplumynyň işine nägilelik bildirip, bu ýagdaýlary seljermegi hem-de ony düzetmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň