Soňky habarlar

Arhiw

Iňlis dilini mugt öwrenmek üçin programma döredildi

22:4603.04.2021
0
10454
Iňlis dilini mugt öwrenmek üçin programma döredildi

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Isa Annamyradow ykjam telefonlarda iňlis dilini mugt öwrenmäge mümkinçilik berýän programma döretdi. Ykjam enjamlar üçin niýetlenen täze programma iňlis diliniň «Beginner-Elementary», «Pre-Intermediate», «Upper-Intermediate», «Advanced» derejelerini öz içine alyp, synaglary, sözleri, tekstleri we iňlis diliniň grammatikasyny türkmençe düşündirilişiniň üsti bilen özleşdirmäge kömek eder. Ähli ýaşdaky adamlar üçin niýetlenen programmanyň esasy artykmaçlygy, ol oflaýn görnüşinde bolup, beýleki programmalara garanyňda, tölegsiz ýagdaýda işleýär.

“Türkmenportal” habarlar saýtynyň habarçysy Isa bilen täze programmanyň döredilmeginiň maksady we onuň artykmaçlyklary dogrusynda söhbetdeş boldy.

- Isa, söhbetdeşligiň başynda özüň bilen tanyşdyraýsaň!

- Men Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Isa Annamyradow. Men eýýäm birnäçe ýyl bäri programma ýazmak işi bilen meşgullanýaryn. Aýratyn hem Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňe süren başlangyçlaryny giňden durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen ýaşlara dürli ugurlarda öwrenmegiň netijeli usullaryny döretmek üçin programma ýazmak işi bilen içgin gyzyklanýaryn.

- Täze programmany döretmekde esasy maksadyňyz näme?

- Ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak işleriniň güýçli depgin bilen alnyp barylýan döwründe ykjam enjamlar üçin niýetlenen täze programma iňlis diliniň «Beginner-Elementary», «Pre-Intermediate», «Upper-Intermediate», «Advanced» derejelerini öz içine alyp, synaglary, sözleri, tekstleri we iňlis diliniň grammatikasyny türkmençe düşündirilişiniň üsti bilen özleşdirmäge kömek eder.

- Dil öwrenmek isleýänler üçin täze programma nähili kömek eder?

- Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin juda uly mümkinçilikler bar. Ýöne kämilligiň çägi ýok diýilşi ýaly bar bolan mümkinçiliklere öz mynasyp goşandymy goşmak maksady bilen türkmen dilinde iňlis dilini çuňňur öwredýän programmany döretdim. Bu programmany ykjam telefonlaryna ornaşdyran türkmen ýaşlary islendik ýerde we islendik wagtda iňlis dilini öwrenmeklige mümkinçilik alar. Bir söz bilen aýtsam, “Germew” programmasy ildeşlerimiziň iňlis dilini öwrenmek isleglerini kanagatlandyrar diýen umydym bar. Programmanyň köpçülige hödürlenenine köp wagt geçmändigine garamazdan, ulanyjylardan köp sanly oňyn seslenmeleriň gelip gowşandygy meni buýsandyrýar we geljekki maksatnamalarymy amala aşyrmaga itergi berýär. Elbetde ýokarda hem belläp geçişim ýaly kämilligiň çägi ýok, şol sebäpli “Germew” programmasyny kämilleşdirmek ugrunda işlemegimi dowam edýärin we häzirki wagtda bu işleriň daşyndan türkmen dilinde iňlis dilini has çuňňur hem-de şol bir wagtda gyzykly usullaryň üsti arkaly öwredýän wideo şekilli sapaklary taýýarlamak işiniň üstünde hem yhlas bilen işleýärin. Programmanyň tapawutly taraplary barada aýtmaly bolsa, ykjam enjama programma ýüklenilip, sazlama edilenden soňra iňlis dilini öwrenmegiň iň başlangyç okuwyndan çylşyrymly okuwyna çenli bilimiňi artdyryp bolýar. Sözleriň terjimesiniň hem bolmagy, programmanyň esasy artykmaçlygy. Şeýle-de bu programma ähli ýaşdaky adamlar üçin niýetlenen. Ikinjiden, ol oflaýn görnüşinde bolup, beýleki programmalar bilen deňeşdireniňde, tölegsiz ýagdaýda işleýär.

- Bulardan başga-da “Germew” programmasyny ykjam telefonlaryna ornaşdyrmak isleýänler tölegsiz görnüşde “Google” şereketiniň “Google Play” internet dükanyndan şu elektron salgysyna ýüzlenmek arkaly öz telefonlaryna ýüklemek mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek isleýärin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň