11-nji aprelde agyr atletika boýunça Aşgabadyň çempionaty geçiriler

11:5503.04.2021
0
7427

11-nji aprelde «Aşgabat» sport toplumynda agyr atletika boýunça şäheriň çempionaty geçiriler. Oňa erkek we zenan türgenler gatnaşar. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Türkmen agyr atletikaçylary şu ýylyň 16 ― 25-nji apreli aralygynda Daşkentde geçiriljek Aziýa çempionatyna hem taýýarlyk görýärler. Bu çempionatda gazanyljak gowy netije türgenleriň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak mümkinçiligini has-da artdyrar.

Häzir agyr atletika boýunça milli ýygyndymyzyň 10 wekiliniň ― Ýulduz Jumabaýewanyň, Kristina Şermetowanyň, Aýsoltan Toýçyýewanyň, Gülnabat Kadyrowanyň, Polina Gurýewanyň, Rejepbaý Rejebowyň, Hojamuhammet Toýçyýewiň, Öwez Öwezowyň, Maksat Meredowyň, Seýitjan Mirzaýewiň mümkinçiliginiň bardygyny ýatdalýarys. Munuň üçin dalaşgärleriň ýurdumyzyň taryhyndaky rekord derejedäki sanydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň