Soňky habarlar

Arhiw

Abdy Bäşimow futbol ýoluny «Ahalda» dowam etdirer

19:2230.03.2021
0
6442

25 ýaşly futbolçy Abdy Bäşimow «Ahalyň» düzümine gaýdyp geldi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Ol geçen möwsümi Özbegistanyň «Gyzylgumynda» geçiripdi we topary bilen 7 duşuşykda meýdana çykdy.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýä inen futbolçy uly futbola futzaldan geldi. Hatda Aşgabatda 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda milli ýygyndymyza wekilçilik etdi.

Uly futbola ilkinji gezek 2018 ― 2019-njy ýyllaryň möwsüminde «Ahalda» gadam goýan A.Bäşimow AFK-nyň kubogynda hem dört duşuşyk geçirip, olarda iki gezek tapawutlandy. Geçen ýylyň fewral aýynda bolsa «Kyzylkum» bilen şertnama baglaşdy.

Abdy Bäşimow Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň düzüminde dört duşuşykda bir gezek tapawutlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň