Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde Halkara guşlar güni mynasybetli sergi geçiriler

11:3525.03.2021
0
5287

Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýi Halkara guşlar güni mynasybetli «Ýurdumyzyň guşlary» mowzuklaýyn sergini geçirýär.

Serginiň açylyş dabarasy 1-nji aprel güni sagat 15-de başlanar.

Her ýyl 1-nji aprelde bellenilýän Halkara guşlar güni guşlaryň gyşlaýan ýerlerinden gaýdyp başlan wagtyna gabat gelýär. Baýramyň maksady görnüşleriň dürlüligini we guşlaryň sanyny goramakdan ybaratdyr.

Türkmenistanda guşlaryň 440-dan gowrak görnüşi duş gelýär. Olary gorap saklamak köpdürlüligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň