Soňky habarlar

Arhiw

«Ýylyň öňdebaryjy işewüri ― 2020» bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

19:0524.03.2021
0
12492
«Ýylyň öňdebaryjy işewüri ― 2020» bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň öňdebaryjy işewüri ― 2020» bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy.

Bäsleşigiň ýeňijilerine degişli baýraklar TSTB-niň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen serginiň jemleýji gününde gowşuryldy.

13 ugur boýunça yglan edilen bäsleşige birleşmäniň agzalarynyň 170-den gowragy gatnaşdy. Olaryň 74-si degişli ugurlar boýunça baýraklara mynasyp boldular.

Ýeňiji bolan telekeçiler baradaky doly maglumatlar şu habaryň rus dilindäki berlişinde görkezilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň