Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan YHG-a başlyklyk etmäge taýýarlanýar

23:5526.02.2021
0
5482

2021-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistan Türkiýe Respublikasynyň guramagynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek ýokary derejeli 14-nji mejlisine gatnaşar. Türkmen tarapynyň bu mejlise gatnaşmagy bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri barada wise-premýer R.Meredow Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylda Türkmenistan YHG-ä başlyklyk eder. Bu wezipäni üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli konsepsiýanyň taslamasy taýýarlanyldy we onda birnäçe möhüm wezipeler kesgitlenildi. 

Şolaryň hatarynda YHG-ä agza ýurtlarynda maýa goýum işini ösdürmek, erkin söwda-ykdysady zolaklary döretmek, söwda, ulag we logistika, energetika ugurlaryny nazara almak arkaly täze ykdysady geçelgeleri kemala getirmek ýaly ugurlar bar.

Bu wezipeleri çözmek we ýurdumyzyň YHG-nyň çäklerindäki işini işjeňleşdirmek maksady bilen, birnäçe möhüm ugurlar boýunça degişli işleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Hususan-da, şu ýylyň mart aýynda YHG-nyň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparyny guramak we YHG-nyň döredilen gününde Aşgabatda bu guramanyň ýokary derejeli 15-nji duşuşygyny geçirmek hakyndaky meselä garamak teklip edilýär. 

Belläp geçsek, Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri bu guramanyň agzasy bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň