Soňky habarlar

Arhiw

Kazankow «Týumen» bilen şertnama baglaşdy

21:2926.02.2021
0
6789

«Týumen» futbol kluby resmi web saýtynda «Tomuň» hüjümçisi Maksim Kazankowy transfer edendigini habar berdi. 

Maksim Kazankow 1987-nji ýylyň 20-nji martynda Aşgabatda dünýä indi. Ol türkmen futbolynyň uçurymy. Paýtagtyň «Nisa», «Köpetdag» we «Aşgabat» futbol toparlarynda çykyş eden hüjümçi ýurduň çempionatynda we Naýbaşy kubogynda ýeňiji boldy.

Kazankowlaryň maşgalasy 2008-nji ýylda Russiýa göçdi. Şeýlelikde, ol şol wagt Russiýanyň çempionatynyň ikinji ligasynyň wekili Orenburgyň «Gazowigi» bilen şertnama baglaşdy. Soňra Sankt-Peretburgyň «Dinamo», Frýaziniň «Olimp», Moskwanyň «Torpedo-ZIL», Saratowyň «Sokol» toparlarynda çykyş eden futbolçy 2012-nji ýylda Daşkendiň «Lokomotiwiniň» düzüminde Özbegistanyň çempionatynyň bürünç medalyna mynasyp boldy. Maksim Kazankow şondan soň hem Russiýanyň toparlarynyň birnäçesiniň köýnekçesini geýdi.

Geçen möwsümi «Tomda» geçiren Kazankow Russiýanyň FNL ligasynda 47 duşuşykda meýdana çykyp, 8 gezek tapawutlandy.

Ol Sibire wekiliçilik edýän häzirki toparynyň düzüminde kuboklara iň köp mynasyp bolan futbolçydyr. Kazankow täze toparynda 87 belgili köýnekçede çykyş eder.

1961-nji ýylda döredilen «Týumen» Russiýanyň PFL ligasynda çykyş edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň