Soňky habarlar

Arhiw

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti 2020-nji ýylda ilkinji bolup milli brendli elektronika önümleriniň önümçiligini ýola goýdy

15:0425.02.2021
1
22219

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçilik Ministrligi bilen bilelikdäki döredilen «Aýdyň gijeler» HJ Türkmenistanda ilkinjileriň biri bolup, elektron enjamlaryň dürli görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdy. Hojalyk jemgyýeti geçen, 2020-nji ýyly ýokary netijeler bilen tamamlap, ýurdymyzyň senagatyny ösdürmekde öz goşandyny goşdy.

2016-njy ýylda döredilen «Aýdyň gijeler» HJ 2017-njy ýyldan başlap dürli görnüşli energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa, 3-den 96 watt-a çenli ýagtylyk derejesi bolan LED lampalaryň we asylýan LED potolok çyralarynyň, ýokary watly awtomobil ýollaryny aýdyňlatma alýumin prožektorlarynyň önümçiligi ýola goýuldy.

Asylly däbe öwrülen Hormatly Prezidentimiziň adyndan 1-nji synp okuwçylara sowgat edilýän öwrediji kompýuterleriniň önümçiligi ýola goýulyp, 2017-2019-njy ýyllar aralygynda Bilim Ministrligine üpjin edildi.

2019-njy ýylda “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri hyzmatdaş daşary ýurt kompaniýalaryň kärhanalarynda telewizorlary, planşetlary, smart telefonlary ýasamagyň usullaryny öwrenmek üçin önümçilik okuwlarynda boldular. Şonuň netijesinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň goldamagynda 2020-nji ýylda «Aýdyň gijeler» HJ elektron önümleriň täze görnüşleriniň önümçiligi ýola goýdy. Dürli ölçegde, ýagny 55, 42, 32 «Zemin» we «Tolkun» brendli smart telewizorlarynyň 10000 müňden gowragy öndürildi.

Häzirki wagtda «Älem» brendli 65 dýuýmly, «Körpe» brendli öýjükli telefon, «Milli» brendli smartfonlar, «Uçgun» brendli routerler, «Şowly» brendli monobloklar, öý hojalyk enjamlary – suw dispanseri we «Mylaýym» brendli split kondisionerleriniň önümçilikleri alnyp barylýar.

2016 – 2020-nji ýylda “Aýdyň gijeler” HJ dünýä kompaniýalary bilen öz önümlerimizi eksport-import etmek boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýdy.

Mundan başga-da “Aýdyň gijeler” HJ öz düzüminde Aşgabat şäherinde şahamça açyp, onuň düzüminde elektrotehnikanyň Tehnologiýa merkezini döretdi. Bu merkeziň esasy maksady ýurdumyzyň dürli pudaklarynda hereket edýän edara-kärhanalara IT tehnologiýalaryny ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

Bu merkezde şu hyzmatlar ýerine ýetirilýär:

  • maglumatlary işläp taýýarlaýjy we saklaýjy serişdeleri üpjün etmek;
  • aragatnaşyk (tor) enjamlaryny gurnamak we düzmek;
  • tehniki hyzmatlary bermek;
  • programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak.

Häzirki wagtda “Aýdyň gijeler” HJ-niň IT tehnologiýalar merkezinde Müftüligiň web sahypasy, ýol gözegçilik gullugynyň onlaýn dolanyşyk portaly, onlaýn resminama dolanyşygy, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň bitewi portaly şeýle-de, internet dükanlar, web sahypalar, Android goşundy priloženiýalar we ş.m. taslamalar işlenip düzülýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň