2020-nji ýylda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky haryt dolanyşygy 2 milliard dollara barabar boldy

23:3323.02.2021
0
8781

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkiýe Respublikasynda iş saparynda bolýar. Şol saparyň çäklerinde Türkiýäniň Daşary işler ministrliginde ikiçäk hem-de giňişleýin düzümde gepleşikler geçirildi.

Türk metbugatyndaky habarlara görä, şol gepleşiklerden soňra metbugat ýygnagy geçirildi.  Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda 2020-nji ýylda koronawirus ýokanjyna garamazdan, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 2 milliard dollara barabar bolandygyny, ýangyç-energetika, ulag, ýokary tehnologiýalar we beýleki ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirip boljakdygyny belledi ― diýip, «Atavatan-Türkmenistan» ýazýar.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak üçin köp sanly ugurlary ara alyp maslahatlaşandyklaryny mälim eden türkmen tarapy syýasy we diplomatik ugurlardaky gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy, halkara guramalar hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň