Türkmen metbugatynda Welotrek boýunça dünýä çempionaty ― 2021-iň resmi nyşany bilen tanyşdyryldy

11:1422.02.2021
0
8086

«Türkmen sporty» gazetiniň şenbe günündäki sanynda Aşgabatda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň nyşany bilen tanyşdyryldy.

Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň resmi nyşanynyň şekilinde türkmen halysynyň ýüzünde şekillendirilýän garşy-goçak hem-de alaja milli nagyşlaryndan ugur alnyp, olaryň döwrebaplaşdyrylan, ýagny welosipedçiniň şekili bilen utgaşdyrylan ýagdaýynda işlenip taýýarlanan görnüşi öz beýanyny tapypdyr.

Çempionat şu ýylyň 13 ― 17-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň