Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Astrahana nobatdaky ynsanperwerlik ýüklerini ugradar

21:2819.02.2021
0
18368

Türkmenistan dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna öz önümlerini iberer. Degişli resminama Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, Senagatçylar we telekeçiler ministrligi Astrahan welaýatyna derman we lukmançylyk serişdelerini, dokma önümlerini we azyk harytlaryny muzdsuz esasda berer. Harytlary Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň Türkmenbaşy-Astrahan aralygynda gatnaýan gämisi elter.

Mundan öň, Türkmenistan 2020-nji ýylyň maýynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna jemi möçberi 1 million dollara barabar bolan azyk we senagat harytlaryny, dokma we gurluşyk materiallaryny iberdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň