Soňky habarlar

Arhiw

Wahyt Orazsähedow «Istiklol» bilen hoşlaşdy

18:2613.02.2021
0
6759

Täjigistanyň «Istiklol» futbol topary resmi saýtynda türkmenistanly hüjümçi Wahyt Orazsähedowyň topar bilen baglaşan şertnamasynyň möhletinniň tamamlanandygy sebäpli, topardan hoşlaşandygyny habar berdi.

«Istiklolyň» düzümine 2020-nji ýylyň gyşky transfer penjiresinde goşulan ildeşimiz topar bilen ýurduň çempiony, kubogynyň we Naýbaşy kubogynyň eýesi boldy.

Wahyt Orazsähedow bilen birlikde serbiýaly goragçy Marko Miliç hem klubdan aýryldy.

«Istiklol» futbol kluby Wahyda we Marko topara berlen kömegi üçin sagbolsun aýdýar we geljekki sport karýeralarynda üstünlik arzuw edýär!» diýlip, toparyň resmi saýtynda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň