Soňky habarlar

Arhiw

Döwletjan Ýagşymyradow - Kori Anderson tutluşygy ABŞ-daky «Mohegan-san» arenasynda geçiriler.

14:2211.02.2021
0
32971

Türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow bilen amerikaly Kori Andersonyň arasynda geçiriljek tutluşygyň şäheri we ýeri belli boldy. Duşuşyk 9-njy aprelde Ankaswill (Konnektikut, ABŞ) ilatly nokadynda «Mohegan-san» arenasynda geçiriler.

Bellator 256 ýaryşyny Showtime amerikan tölegli teleýaýlymy görkezer. GDA ýurtlarynyň çäklerinde Bellator ýaryşlarynyň görkezilişi Оkko multimedia serwisleri arkaly amala aşyrylar.

Ildeşimiz Döwletjanyň Bellatordaky ilkinji garşydaşy 31 ýaşly Kori Anderson 2013-nji ýyldan bäri professional derejede çykyş edip gelýär. Ol, esasanam, UFC-däki çykyşlary bilen, şeýle hem The Ultimate Fighter realiti-şounyň 19-njy möwsüminiň ýeňijisidigi bilen tanalýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň