Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen alymlary gowaçanyň täze sortuny döretdiler

12:0001.02.2021
0
6619

Häzirki döwürde türkmen alymlary tarapyndan ýüpek pagtanyň irbişek sortlary döredilip, önümçilige ornaşdyrylmagy babatda ylmy işler alnyp barylýar ― diýip, «Bereketli toprak» gazeti habar berýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ekilýän gowaçanyň inçe süýümli «Ýolöten — 14» sorty amatsyz şert bolanda hem özüniň hasyl elementlerini belli bir derejede saklap bilýär. Bu sorty ekip, her gektardan 44 sentnerden gowrak hasyl alyp bolýandygyny pagtaçy kärendeçiler belleýärler.

Türkmen oba hojalyk institutynyň alymlary tarapyndan geçirilen ylmy işiniň netijesinde gowaçanyň inçe süýümli «Li —7504» sorty döredildi we häzir ol bäsleşik sort synagynda synagdan geçýär. Olaryň netijeleri, ýagny pagta hasyly 1 gektarda 46,6 sentner, nusgawy (standart) sort bilen deňeşdirilende, 4,2 sentner köp, bir hanadaky pagtanyň agramy 3,7 gram, süýüminiň çykymy 31,4 göterim, süýüminiň uzynlygy 38 — 39 millimetr, süýüminiň berkligi 4,8 grama deň. Bu sortuň nusgawy sortdan hojalyk bähbitli alamatlarynyň tapawutlanýandygyny göz öňünde tutup, şu ýyl döwlet sort synagyna hödürlemek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň