Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Widhu Peethambaran Nair bilen duşuşygy geçirildi.
Onlaýn tertipde geçirilen duşuşykda taraplar mähirli salamlaşdylar we Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli kararnamasy tarapyndan yglan edilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” ähmiýeti barada bellediler.
Taryhy we medeni arabaglanyşygy bolan Türkmenistan bilen Hindistanyň köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edýändikleri barada bellenilip geçildi. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň Prezidentleriniň işjeň gepleşikleri arkaly ösdürilýändigi babatynda aýratyn nygtaldy.
Duşuşygyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-hindi gatnaşyklarynyň netijeliligi bellenildi. Energetika, ulag, saglygy goraýyş ulgamlarynda bilelikdäki taslamalara aýratyn üns berildi.
Hindistanyň Ilçisi Türkmenistanyň baştutanynyň halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek hem-de ählumumy energetiki howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça tagallalaryna ýokary baha berdi. Bu ugurda sebit we halkara giňişliginde ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tizleşdirilmegi babatynda Hindistanyň gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.