Soňky habarlar

Arhiw

HPG Türkmenistanda geçirilen on günlük duşuşygyň netijelerini jemledi

23:5728.01.2021
0
5544

Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde onlaýn görnüşde Halkara pul gaznasynyň (HPG) bilermenler topary bilen duşuşyk geçirildi. Bilermenler toparyna Natalýa Tamirisan ýolbaşçylyk edýär. Bu barada TDH habar berdi.

Pikir alyşmalaryň dowamynda HPG-niň bilermenleri bilen ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de işgärleriniň arasynda geçirilen on günlük duşuşygynyň netijeleri jemlenildi. Şolarda ykdysady ösüşiň orta möhletli geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, türkmen ykdysadyýetiniň şu günki ýagdaýyna seljerme berildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan “açyk gapylar” syýasatyny amala aşyryp, halkara düzümleri, şol sanda ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda hem-de tehniki we maslahat beriş kömegini bermekde ýurdumyzyň möhüm strategik hyzmatdaşy bolan Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär.

Halkara pul gaznasynyň Türkmenistandaky makroykdysady we madiýe ýagdaýyna berýän yzygiderli bahalary hem-de çaklamalary bolup geçýän ýagdaýlary seljermäge, berilýän anyk maslahatlardan peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň