Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň täze Prezidentini sapar bilen Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy

23:3728.01.2021
0
11283

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sadyr Japarowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH penşenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz döwletlerimiziň arasyndaky ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň emele gelen ýokary derejesiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmek üçin berk esas bolup durýandygyny belledi.

“Häzirki döwürde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklary giňeltmek üçin biziň döwletlerimiziň uly mümkinçilikleri bar. Biz ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy täze ýokary derejä çykarmak üçin geljekde hem ähli tagallalary etmäge taýýardyrys” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyz türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirmek bilen, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Sadyr Japarowa berk jan saglyk we jogapkärli döwlet Baştutany wezipesinde üstünlikleri, Gyrgyz Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

2021-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirilen saýlawlarda sesleriň 79 göterimini alyp Prezidentlige saýlanan Sadyr Japarowyň, 28-nji ýanwarda Toktogul Satylganow adyndaky milli filarmoniýa zalynda wezipesine girişmek dabarasy geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň