Türküstan-Daşkent ýokary tizlikli otly işe başlady

16:3827.01.2021
0
1634

Gazagystanyň Premýer-ministri Askar Mamin Gazagystandan Özbegistana täze ýokary tizlikli otlynyň işe girizilendigini habar berdi. Ýokary tizlikli otly Türküstan – Şymkent – Daşkent ugurlarynda hereket eder.

Gazagystanyň Premýer-ministri Askar Mamin ýurduň Hökümetiniň giňişleýin ýygnagynda syýahatçylygy ösdürmek taslamalary barada çykyş etdi. Bu barada «Kazinform» habar berýär.     

Gazagystanyň Premýer-ministri: «Türküstan – Şymkent – Daşkent aralynda açylan ýokary tizlikli demir ýoly syýahatçylaryň sanyny artdyryp başlar. Bu ýol syýahatçylykda 22000 sany täze iş ýerini, ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda bolsa jemi 100000 sany iş ýerini döreder.» – diýip belledi. 

Askar Mamin Gazagystanyň içerki syýahatçylyk akymynyň 22 göterim artyp, 4,5 million adama ýetmegine garaşylýandygyny aýtdy.  Şeýle hem ol, syýahatçylygyň jemi içerki önümdäki paýynyň  5,2 göterime ýetjekdigini belledi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň