Soňky habarlar

Arhiw

Sberbank özüniň «Sbercoin» atly kripto walýutasyny çykardy

19:4125.01.2021
0
1110

Russiýanyň iň uly banky bolan Sberbankyň şu ýylyň başynda Russiýanyň Merkezi Bankyna öz kriptowalýutasyny çykarmaklyk üçin ýüz tutandygy mälim edildi.

Bankyň işgäri Sergeý Popow rus metbugatyna beren beýanynda Sberbankyň öz kriptowalýutasyny çykarjakdygyny we bu sanly pul birliginiň Russiýada 1-nji ýanwarda güýje giren «Sanly maliýe aktiwleri hakyndaky» kanuna laýyklykda hasaba alynmalydygyny nygtamaklyk bilen, bu barada ozal Merkezi Banka ýüz tutandyklaryny aýtdy. 

Sberbankyň «Sbercoin» atly kriptowalýutasy bilen söwda etmäge tehnologiki taýdan taýyndygyny bellän Popow, bankyň içerki synag barlagyny eýýäm tamamlandygyny we bu kriptowalýutalary ulanmaklygyň üstünlikli geçirilendigini aýtdy.

Popow, bellige alyş düzgüniniň 45 güne golaý dowam edýändigini belläp, Merkezi bankdan garşylyk ýok bolsa, kripto walýutalaryň ýazda işe girizilip bilinjekdigini aýtdy.

Sberbank geçen ýyl sanly walýuta çykarmaklyk pikirini ilkinji gezek öňe sürüpdi. 2020-nji ýylyň noýabr aýynda bolsa, Sberbankyň baş direktory German Gref, 2021-nji ýylyň başynda synag üçin kriptowalýutalary çykartjakdygyny aýdypdy.

Russiýanyň metbugatynda berlen habarlara görä, täze «Sbercoin» kripto walýutasy «durnukly teňňe»  hökmünde çykarylyp bilner. «Blockchain»  esasly boljak bu kriptowalýutalaryň gymmatynyň rus rublynda 1:1 gatnaşygynda kesgitleniljekdigi aýdylýar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň