Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 ― 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy taýýarlanylýar

16:1423.01.2021
0
25802

22-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowdan Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamaga rugsat almak meselesi barada hasabat berdi.

“Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, täze Maksatnamanyň kabul edilmegi “Elektron hökümeti” ulgamyny döretmek boýunça ýerine ýetirilmeli wezipeleri kesgitlemegi, sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamyny kämilleşdirmegi, bu ugurlarda hünärmenleri taýýarlamagy, şeýle hem döwlet hyzmatlar portalyna sanly hyzmatlary tapgyrlaýyn ýerleşdirmegi göz öňünde tutýar.

Bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasynda ýerine ýetirilmeli işleriň anyk ugurlary, ýerine ýetirijileri we möhletleri kesgitlenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 ― 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň hödürlenen taslamasy babatda birnäçe maslahatlary berdi.

Döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegi, elektron Hökümeti ulgamynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2020 ― 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny hem-de Garaşsyz Watanymyzy we jemgyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmegi göz öňünde tutýan beýleki maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga ýardam eder.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, sanlylaşdyrmak işleri has oňat guramaga, utgaşdyrmaga hem-de netijeliligine we hiline gözegçilik etmäge ýardam edýän netijeli dolandyryş guralydyr hem-de döwrüň wagty gelen zerurlygydyr.

Döwlet Baştutany Maksatnamany taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere geçirilýän işleriň depginini çaltlandyrmagy hem-de bu ugurda bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň