Soňky habarlar

Arhiw

"Sogdiana" Arslanmyrat Amanow bilen şertnama gol çekişdi

16:4622.01.2021
0
9490

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Arslanmyrat Amanow hünär ýoluny özbekleriň “Sogdiana” futbol klubunda dowam eder diýlip, nemesleriň Transmarkt portalynda habar berilýär.

Ýygyndy toparymyzyň oýunçysy özüniň täze topary bilen 2021-nji ýylyň soňuna çenli niýetlenen şertnama baglaşypdyr.

Ýeri gelende bellesek, 30 ýaşly A.Amanow geçen möwsümi Almalyk şäheriniň AGMK toparynda geçirdi. Ol Özbegistanyň “Superligasynda” toparynyň düzüminde geçiren 23 oýnunda netijeli urgularyň 2-sini geçirmegi başardy.

“Sogdiana” topary hakynda aýtsak, onda bu topar geçen möwsümde ýerli “Superligany” 6-njy orunda tamamlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň