Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýe syýahatçylyk möwsümini möhletinden öň açmagy meýilleşdirýär

18:1912.01.2021
0
6235

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nury Ersoý ýerli metbugata beren beýanynda ýurduň 2021-nji ýyldaky syýahatçylyk möwsüminiň aprel aýyndan başlanmagyna garaşylýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, öz ýurdunda syýahatçylygyň bu ýyl bäsdeş ýurtlar bilen deňeşdirilende, has ir başlanmagy Türkiýä 2020-nji ýyldaky ýitgileriň öwezini dolmaga mümkinçilik berer.

Mehmet Nury Ersoý Ýewropada başlanan «COVID-19» sanjymynyň 2021-nji ýyldaky möwsüminiň öňki möwsümden has gowy boljakdygyna umyt bildirdi. Ministriň sözlerine görä, aprel aýyna çenli adamlar tomusky syýahatlaryny has ynamly meýilleşdirmäge mümkinçiligi bolan derejä ýeterler. Çünki, Türkiýede koronawirusyň ýaýramagyny aprel aýyna çenli durnuklylaşdyrmaklyk üçin zerur çäreler görüldi.

Resmi maglumatlara görä, Türkiýede «COVID-19» ýokanç keseliniň täze görnüşiniň sany bir günde 2500-den geçmese, ýurt «gyzyl zolakdan» çykar. Şeýle statistika bilen Ýewropa ýurtlary Türk şäherleri bilen howa gatnawyny dowam etdirip ýa-da artdyryp bilerler.

Ýanwar aýynyň başyndan bäri Türkiýede her gün 9 müňden 13 müňe çenli koronawirus ýokuşmasy hasaba alynýar.

Myhmanhanalar federasiýasy (TUROFED) 2021-nji ýylda Türkiýäniň 25-30 million aralygynda daşary ýurtly syýahatçyny kabul edip biljekdigini çaklaýar.

Guramanyň başlygy Sururi Çobatyryň pikiriçe, syýahatçylykda 2019-njy ýyldaky ýagdaýa (45 million daşary ýurtly myhman) ýetmeklik üçin ýene-de iki-üç ýyl gerek bolar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň