Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýol salgy berýän ykjam goşundy işläp başlady

16:2611.01.2021
0
3528

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary sanly ykdysadyýete geçilýän şertlerde döredijilikli işläp, sanly hyzmatlaryň döwrebap görnüşlerini ildeşlerimize elýeterli edýärler. «Ýaşyl ada» hojalyk jemgyýetiniň «Ýoda» ykjam goşundysy hem hödürleýän giň mümkinçilikleri bilen ildeşlerimiziň söýgüsini gazanýar. Şular bilen baglanyşykly «Ýaşyl ada» hojalyk jemgyýetiniň iş dolandyryjysy Silap ABILOW bilen söhbetdeşligi okyjylara ýetirýäris.

— Sanly ulgamyň täze önüminiň — döreden ykjam goşundyňyzyň mümkinçiligi dogrusynda söhbede başlasak!

— «Ýo­da» yk­jam go­şun­dy­sy ýur­du­myz­da­ky söw­da we dynç alyş mer­kez­le­ri, res­to­ran­dyr ka­fe­ler, mar­ket­ler, sport, gö­zel­lik mer­kez­le­ri, me­de­ni ojak­lar, ho­ja­lyk hyz­mat­la­ry ha­kyn­da­ky mag­lumat­la­ry özün­de jem­le­ýär. Onuň kö­me­gi bi­len gün­de­lik dur­muş­da ge­rek bo­lan zat­la­ryň äh­li­si­ni, eliň aýasyn­da ýa­ly, göz­läp tap­mak müm­kin. Hä­zir­ki wagt­da «Ýo­da­da» müň­den gow­rak eda­ra-kär­ha­na ha­kyn­da maglu­mat ýer­leş­di­ril­di, has ta­ky­gy, ola­ryň sal­gy­la­ry, ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri, hö­dür­le­ýän hyz­mat­la­ry­dyr ha­ryt­la­ry ha­kyn­da we baş­ga-da bir­näçe mag­lu­mat­la­r el­ýe­ter­li edil­di.

— «Ýoda» diňe paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin niýetlenenmi?

— Ýok, bu yk­jam go­şun­dy­ny ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de-de ulan­mak müm­kin. Se­bä­bi on­dan we­la­ýat­lar­da­ky eda­ra-kär­ha­nalar, ha­ryt­lar­dyr hyz­mat­lar ha­kyn­da-da mag­lu­mat al­mak müm­kin. Mun­dan baş­ga-da, ol Aş­ga­ba­dyň, 5 we­la­ýa­tyň ta­kyk ho­wa ýagda­ýy­ny ha­bar ber­ýär.

— Ony görkezilen ýerlere barmak üçin peýdalanyp bolarmy?

— El­bet­de, yk­jam go­şun­dy­my­zyň kar­ta­sy­na gi­ri­zi­len bi­na­la­ryň, des­ga­la­ryň, ta­ry­hy ýer­le­riň her bi­ri­niň ýer­leş­ýän ýe­ri anyk gör­ke­zilen.Ola­ra «gps» ul­ga­my ar­ka­ly iň ýa­kyn ýol bi­len bar­mak müm­kin. «Ýo­da­da» si­ziň ýer­leş­ýän ýe­ri­ňiz­den bel­le­nen no­ka­da çen­li ara­lyk, ýo­luň ug­ry çalt kes­git­len­ýär.

— Bu ykjam goşundydan täzeliklerdir habarlar bilen hem tanşyp bolýarmy?

— Mu­nuň üçin ýö­ri­te «Bil­di­riş­ler» bö­lü­mi bar. Oňa gir­se­ňiz, ýur­du­myz­da bo­lup geç­ýän çä­re­ler­den, ar­zan­la­dyşlar­dan ha­bar­ly bo­lar­sy­ňyz. Bu bö­lüm hyz­mat­la­ry­ny, önüm­le­ri­ni hö­dür­le­ýän işe­wür­ler üçin has-da amat­ly­dyr.

— «Türkmenistanda öndürilen» bölümi hakynda-da aýdaýsaňyz!

— Bu bö­lüm­den ýur­du­my­zyň önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­nyň önümle­ri, ola­ryň gör­nüş­le­ri bi­len tan­şyp bol­ýar. Şeý­le-de olar bi­len ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri­ni, kar­ta­da ýer­leş­ýän ýe­ri­ni gö­rüp bi­ler­si­ňiz.

Çeşme: "Rysgal" gazeti.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň