Arhiw

Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Türkmenbaşy şäheriniň prokurory üýtgedildi

23:3506.01.2021
0
17339

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçlerinniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen 1-nji derejeli ýurist Babageldi Satybaldyýewiç Babaýew Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Türkmenbaşy prokurory wezipesinden boşadyldy.

Milletiň Lideri bu wezipä 2-nji derejeli ýurist Rahat Şyhmyradowiç Karyýewi belledi.

Döwlet Baştutany bu Permana «Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda gol çekdi.

Mundan başga-da milletiň Lideriniň Karary bilen ýurduň etrap-şäherleriniň birnäçesindäki prokurorlaryň çalşylandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň