«Türkmenportal» mobil programmasyny işe girizdi

11:1303.01.2021
1
94082

«Türkmenportal» habarlar portalyny ulanýanlar üçin amatly şerti döretmek maksady bilen, saýtyň ilkinji ykjam programmasy «App Store» we «Google Play»-de ýerleşdirildi. Biz size saýtyň ykjam programmasynyň döredilendigi barada habar berdipdik. 2020-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda «Google»-a  «Google Play»-de «Android» programmasyny ýerleşdirmek üçin, şeýle hem «iOS» programmasynyň «AppStore»-de ýerleşdirmek üçin Google-a arzalar iberdik.

Häzirki wagtda programmalarymyz tassyklandy we olary mugt göçürip almak mümkinçiligi döredildi.

Has amatly bolmagy üçin täze programmanyň işleýşi web sahypasyna garanyňda has ýönekeý. Ulanyja täzelikleri okamak we görmek üçin ykjam enjamyň ekranynda görkezilýän ähli amallary ulanmaga mümkinçilik berilýär. Bu ýerde "Habarlar", "Makalalar", "Mediýa", "Afişa" atly 4 bölüm bar.

Her habaryň aşagynda meşhur habarlar toplumy bar, bu bolsa tutuş ýurt üçin gyzykly wakalary sypdyrmajakdygyňyzy aňladýar. Täzelikler bölümi ähli bölümlerden täze materiallary görkezýär. Isleseňiz, ulanyjylar gyzyklanýan mowzukda täze materiallaryň peýda bolmagy baradaky habarnamalara ýazylyp bilerler. Şeýle hem, islän wagtyňyz gyzykly habarlary okamagy soňa goýup bilersiňiz. Diňe "Bellikler" düwmesine basmak ýeterlik. Habarlar dessine "Bellikler" bölümine girer.

Programma üç dilde, ýagny türkmen, rus we iňlis dillerinde hereket edýär.

«Türkmenportal» habarlar portalynyň okyjysy bol we täzeliklerden ilkinji bolup habarly bol. «Türkmenportal» siziň iň ynamly we ygtybarly maglumat çeşmäňizdir.

Ýükle: Android

Ýükle: iOS

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
patriotturkmen ( 03.01.2021 )

Слава богу! Теперь будем мы бысрее и мобильнее. Мне что-бы проверить новостную ленту нужно заходить в браузер потом переходить посылки, а теперь достаточно будет одного клика. Вы молодцы благодарим вас! Процветания вам. «Туркменистан – Родина мира и доверия»

3