Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow koronawirusyň öňüni almakda buýan köküni peýdalanmagy maslahat berýär

22:0225.12.2020
0
18109
Berdimuhamedow koronawirusyň öňüni almakda buýan köküni peýdalanmagy maslahat berýär

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň şu gün – 25-nji dekabrda geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde täze görnüşli koronawirus ýokanjyna garşy durmakda türkmen buýanynyň we ondan taýýarlanýan melhemleriň peýdaly bolup biljekdigini belledi.

Asly käri boýunça lukman bolan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň barşynda dünýäde giňden ýaýran koronawirus ýokanjy bilen bagly käbir pikirlerini aýtmak bilen, türkmen topragynyň ösümlik dünýäsi, dermanlyk häsiýetli ot-çöpler barada belläp geçdi. Döwlet Baştutanynyň nygtamagyna görä, Türkmenistanda süýji buýany ösdürip ýetişdirýän, ondan dürli melhemlikleri taýýarlaýan kärhanalar hereket edýär. Häzirki wagtda ýurduň çäklerinde buýanyň 4 görnüşi, dünýäde bolsa 15 görnüşi bar. Alymlar buýan köküniň düzümindäki glisirriziniň häzirki döwrüň wehimi bolan koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna päsgelçilik döredýändigini belleýärler. Buýan köküniň şiresiniň az mukdary hem bu ýokanjy ýok etmekde gowy peýda berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti bu ugurda ylmy barlag-işlerini alyp barmak boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidentine we saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň