Тürkmenistanyň raýatlarynyň wizasyz syýahat edip biljek ýurtlarynyň sanawyna Oman döwleti girdi.

19:0020.12.2020
0
115474

"Times of Oman" habar gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň raýatlary indi Oman döwletine wizasyz baryp bilerler.

Dogry, bu mümkinçilik diňe ABŞ, Kanada, Awstraliýa, Beýik Britaniýa, Şengen ýurtlary ýa-da Ýaponiýa döwletlerinde ýaşaýan ýa-da giriş üçin wizalary bolan ýagdaýynda elýeterlidir.

25 ýurduň ýaşaýjylary Omana wizasyz girip bilerler, ýagny: Azerbaýjan, Hindistan, Özbegistan, Belarussiýa, Täjigistan, Gyrgyzystan, Kosta Rika, Nikaragua, Marokko, Ermenistan, Panama, Bosniýa we Gersegowina, Türkmenistan, Gonduras, Gwatemala, Gazos, Albaniýa  , Butan, Peru, Maldiwler, El Salwador, Wýetnam, Kuba we Meksika.

Gadymy  we taryha baý medeniýeti bilen tanalýan Günbatar Aziýada ýerleşýän Oman döwleti Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri we Ýemen ýaly döwletler bilen serhetleşip, Arap deňziniň we Oman aýlagynyň suwlary bilen ýuwulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň