Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýene bir ýörite uçuşy meýilleşdirýär

17:2818.12.2020
0
27392

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 25-nji dekabrda Türkmenabatdan Moskwa şäherine çenli ýörite uçuşy amala aşyrmagy meýilleşdirilýär. Bu barada Russiýanyň ýurdumyzdaky ilçisi A.W.Blohin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen geçirilen brifingde habar berdi.

Diplomatyň aýdyşy ýaly, häzirki wagtda ýolagçylary bellige almak işleri dowam edýär. Olaryň agramly bölegi Russiýanyň häzirki wagtda Türkmenistanda wagtlaýyn ýaşaýan raýatlary bolar. Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň 2020-nji ýylyň 16-njy martyndaky 635-nji belgili Buýrugy esasynda Russiýa Federasiýasyna girmegine rugsat berlen daşary ýurt raýatlar bu uçuşa gatnaşar.

Şeýlelikde, ilçihana pandemiýa döwründäki bäşinji ýörite uçuşy gurar. Mundan öňki uçuşlaryň iň soňkusy şu ýylyň oktýabr aýynda bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň