Täze ýylyň bosagasynda Türkmenabat ― Stambul aralygynda ýörite uçuş amala aşyrylar

12:1518.12.2020
0
34101

Şu ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenabatdan Stambul şäherine (Türkiýe Respublikasy) ýene bir ýörite uçuş amala aşyrylar. «Turkish Airlines» awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyryljak uçuş şol gün sagat 17:00-da meýilleşdirilýär. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan habar berildi.

Ilçihana ýörite uçuş bilen Türkiýä gitmek isleýän dostlukly döwletiň raýatlaryndan görkezilen goşundydaky maglumatlary ilçihananyň resmi elektron poçta salgysyna (embassy.ashgabat@mfa.gov.tr) gyssagly ibermekleri garaşylýar.

Ilçihana tarapyndan Türkiýä gitmek isleýän raýatlaryň sanawy «Türkhowaýollary» kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki şahamçasyna berler. Bellige alnan adamlar pasportlarynyň asyl nusgasy ýa-da göçürmesi bilen Aşgabat şäheriniň Atatürk köçesiniň 82-nji jaýynda ýerleşýän şahamçadan peteklerini satyn alyp bilerler.

Şahamça esasy iş wagtyndan daşary 2020-nji ýylyň 19-njy dekabrynda, ýagny şenbe güni hem sagat 11:00-17:00 aralygynda açyk bolar.

«Türkhowaýollary» kompaniýasy tarapyndan bu uçar bilen gitjek her bir ýolagçy üçin petegiň bahasy 550 ABŞ-nyň dollar möçberinde kesgitlendi. Her bir ýolagçy üçin 30 kg möçberinde ýük almaga, 8 kg möçberinden artyk bolmazlyk şerti bilen ýanynda göterýän torbasy ýa-da ýan kompýuter torbasyny almaga hem-de talap bolan halatynda goşmaça ýük almaga her kilogramyna 7 dollar tölemek şerti bilen  mümkinçilik dörediljekdigi mälim edildi.

Goşmaça soraglar ýüze çykan halatynda ilçihananyň konsullyk bölümine “+99312940027” we “+99312940029” telefon belgileri bilen ýüz tutup bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň